MIGRASIÝA BOÝUNÇA HALKARA GURAMASYNYŇ SEBITLEÝIN UTGAŞDYRYJYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Zeýnal Gajiýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.
Türkmenistan bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşyldy we özara gatnaşyklary giňeltmek babatynda öňde duran bilelikdäki wezipeler kesgitlenildi.
Taraplar migrasiýa dolandyryşy boýunça halkara kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmagyň we migrasiýa kanunçylygynyň iş ýüzünde netijeli durmuşa geçirilmeginiň zerurlygyny bellediler.
Hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek we döwrüň talabyna laýyk getirmek meselelerine garaldy.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.