UKRAINANYŇ IŞEWÜR NEŞIRI GARAŞSYZLYK BAÝRAMYNYŇ ÖŇÜSYRASYNDA TÜRKMENISTANDA BOLUP GEÇEN SOŇKY WAKALARY JEMLEDI
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda Ukrainanyň meşhur maliýe we ykdysady hepdelik “Ukraine Business Review” gazetiniň nobatdaky sanynda ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşi we sebitiň ýurtlaryna berilýän goldaw boýunça möhüm wakalara bagyşlanan makala çap edildi.
Bu döwürleýin neşiriň okyjylary bolan bank we ätiýaçlandyryş guramalary, daşary ýurt kompaniýalary we diplomatik wekilhanalar, neşiriň işewür hyzmatdaşlary bu makalanyň üsti bilen Türkmenistanda giň möçberli infrastruktura taslamalarynyň işe girizilmegi hem-de gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli maglumatlar we bu ugurda geçirilen halkara çäreler bilen tanyşdyrylýar.
Has takygy, durmuşa geçirilen iri taslamalar, şol sanda Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan sintetiki benzin öndürmek boýunça zawod, Balkan welaýatyndaky polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumy we “Garabogazkarbamid” zawody ýaly uly taslamalar barada aýdylýar. Şeýle hem 2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda energetika, ulag-kommunikasiýa, logistika desgalarynyň işe girizilmegi hem-de gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli dabaralar: Serhetabat - Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsiniň açylyş dabarasy, Mary welaýatynda “Şatlyk-1” gaz gysyjy desgasynyň düýbüni tutmak, Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat - Hyrat gaz geçirijisiniň, Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän “Nur-el-Jahad” elektrik bekedini işe girizmek ýaly çäreler beýän edilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, esasy maksat – ykdysady ösüşi has-da gowulandyrmak, hem-de bu taslamalaryň ykdysady, senagat we söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmekde hem örän möhüm ähmiýetiniň bardygy, olaryň Aziýa – Ýuwaş umman sebitine, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň örän giň, çalt depginler bilen ösýän sebitlerine we bazarlaryna harytlarydyr hyzmatlary çykarmaga, logistika mümkinçiliklerini ulanmaga ýardam berýär, diýip bellenilýär.
Şeýle hem makalada şu ýylyň 10-11-nji sentýabrynda geçirilen çäreler, ýagny, Türkmenistanyň maýa goýum forumy, Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça «HI-TECH Türkmenistan 2024» halkara maslahat we ýöriteleşdirilen sergisi barada aýdylyp, bu çäreleriň Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiligi bilen ykdysady hyzmatdaşlygyň berkidilmegine gönükdilendigini we ýurduň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynda iri taslamalary bilelikdäki durmuşa geçirmegiň geljegini aýdyň görkezendigi beýan edilýär.
Bulardan başga-da makalada BMG-da sport diplomatiýasyny durmuşa geçirmek üçin berk platforma döretmäge gönükdirilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamany kabul edilendigi hem bellenilýär.