BÜTINDÜNÝÄ ETNOSPORT KONFEDERASIÝASYNYŇ BAŞLYGY BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK BARADA

2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň ogly, Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygy Bilal Ärdogan bilen duşuşdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy myhmany mähirli mübärekläp, ony Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde myhmansöýer türkmen topragynda kabul etmäge örän şatdygyny aýtdy we şanly sene mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşyp, türkmen halkynyň şatlygyny paýlaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Liderini Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady we kakasy — Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny, halkymyza abadançylyk, rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlaryny hem-de şanly sene mynasybetli gutlaglaryny ýetirdi.

Öz gezeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň ýolbaşçysy bilen Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasynda bolan duşuşygy ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklara ýokary baha berdiler.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sporty ösdürmek bilen bagly mesele barada durup geçip, Türkmenistanyň dünýä derejesindäki ýaryşlary üstünlikli geçirmekde baý tejribesiniň bardygyny nygtady. Ýurdumyz halkara sport hyzmatdaşlygy ulgamyna işjeň gatnaşýan döwlet hökmünde çykyş edýär. Paýtagtymyzdaky döwrebap Olimpiýa şäherçesinde geçirilýän halkara derejeli ýaryşlar muňa aýdyň mysal bolup durýar – diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Şeýle-de, türkmen türgenleriniň ussatlyk derejeleriniň ýokarlanýandygy, muny bolsa dürli derejedäki halkara ýaryşlardaky üstünlikleriň tassyklaýandygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygy Bilal Ärdogan birek-birege berk jan saglyk, bagtyýarlyk, işlerinde uly üstünlikleri, iki doganlyk halka bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy myhmana baýramçylyk sowgady hökmünde türkmen halkynyň milli buýsanjyna öwrülen alabaýlary gowşurdy. Bilal Ärdogan alabaýlary aýratyn hormat duýgusy bilen kabul etdi we türkmen halkynyň Milli Liderine sowgady üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

***

Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygy Türkmenistanda bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň başlangyjy boýunça “akylly” şäher konsepsiýasyna laýyklykda bina edilen Arkadag şäherine baryp gördi hem-de bu ýerde gurlan dürli maksatly desgalar bilen tanyşdy. Bu ýerde ekologik talaplaryň hasaba alnyp, innowasion çözgütleriň peýdalanylmagy myhmanda aýratyn täsir galdyrdy.