TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY ÖŇDEBARYJY DÜNÝÄ KOMPANIÝALARYNYŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞDY

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryň wekilleri bilen duşuşdy. Myhmanlar türkmen halkynyň Milli Liderine duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirdiler we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny we Türkmenistanyň ähli halkyny ýurduň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy bilen gutladylar.

Şol gün «John Deere» kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýolbaşçysy Çaba Leýko bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen bu kompaniýanyň, hususan-da oba hojalygy pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alyşdylar.

Amerikan kompaniýasynyň Türkmenistanyň agrosenagat toplumynyň öňden gelýän we ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridigi bellendi.

Jenap Çaba Leýko «Jоhn Deere» kompaniýasynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmegi ugur edinýändigini tassyklady.

Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Bouygues» kompaniýasynyň ýolbaşçylary, baş direktorynyň ogullary – kompaniýanyň Baş direktorynyň orunbasary Edward Buig, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy William Buig, şeýle hem «Bouygues Batiman International» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Pýer-Erik Sen-Andre bilen duşuşdy.

Duşuşykda bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýolbaşçylygynda türkmenistanlylaryň durmuş derejesini düýpgöter özgerden, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine, ýurduň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende göterilmegine kuwwatly itergi beren uly üstünliklere ýetildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri meşhur fransuz kompaniýasynyň wekillerine gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de «Bouygues» kompaniýasynyň baş direktoryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşy bolan bu kompaniýanyň Türkmenistanda işläp başlanyna şu ýyl 30 ýylyň dolýandygyny kanagatlanma bilen belläp, şu döwrüň içinde kompaniýa tarapyndan paýtagtymyz Aşgabadyň keşbiniň has-da gözelleşmegine ýardam beren binagärlik taslamalarynyň tutuş toplumynyň durmuşa geçirilendigini aýtdy.

Şunda ýola goýlan netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hem ýardam edendigi bellenildi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow fransiýaly hyzmatdaşlary täze Arkadag şäherinde Lukmançylyk klasteriniň binalarynyň gurluşygyna we olaryň enjamlaşdyrylyşyna gatnaşmaga çagyrdy.

Işewürler ak mermerli Aşgabatda «Oguzkent» myhmanhanasynyň gurluşygynda Türkmenistanda işlemegiň oňyn tejribesini toplandyklaryny aýratyn buýsanç bilen nygtadylar. Şeýle-de milli şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde giň möçberli taslamalary amala aşyrmakda oňyn hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy bellenildi.

Türkmenistan hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr hem-de «Bouygues» ýaly iri kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge, bu kompaniýanyň şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça tekliplerini öwrenmäge taýýardyr diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

«Bouygues» kompaniýasynyň ýolbaşçylary bildirilen ýokary ynam hem-de hemmetaraplaýyn goldaw üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.