TÜRKMENISTAN BILEN KAMBOJA PATYŞALYGYNYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ ESASY UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2024-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Kamboja Patyşalygynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri Sok Çenda Sofeanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Kamboja Patyşalygynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara düzümleriň, hususan-da BMG-niň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň we beýlekileriň çäklerindäki hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.
Taraplar iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky gatnaşyklary berkitmegiň möhümdigini bellediler. Şunlukda duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Kamboja Patyşalygynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministrliginiň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Taraplar iki ýurduň arasyndaky işewürlik we söwda hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, söwda gatnaşyklarynyň mümkinçiliklerini öwrenmek üçin işewür wekiliýetleri we söwda pudagynyň wekillerini alyşmak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ministrler şeýle hem Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň assosiasiýasy (ASEAN) bilen bilelikdäki çäreleri guramak we hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.