TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI «ÇALYK HOLDING» KOMPANIÝALAR TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞDY
2024-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.
Ahmet Çalyk wagt tapyp kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanda ähli ulgamlarda, aýratyn-da, saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan üstünliklere guwanýandygyny aýtdy hem-de bu işleriň türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlarynyň Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň beýanydygyny aýratyn belledi.
Ahmet Çalyk Türkmenistanda uly ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek babatda giň mümkinçilikleriň döredilýändigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Işewür şu gün açylyp ulanmaga berlen Halkara sagaldyş-dikeldiş we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň gurluşygynyň «Çalyk Holding» kompaniýasyna ynanylmagynyň özleri üçin uly mertebedigini buýsanç bilen belledi hem-de Türkmenistanyň ýolbaşçylygyny bu döwrebap saglygy goraýyş desgalarynyň açylmagy bilen gutlady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzda geçirilýän möhüm ähmiýetli dabaralara gatnaşmaga gelendigi üçin işewüre minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzda amala aşyrylýan taslamalarda ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmelere, innowasion tehnologiýalara we ykdysady taýdan netijeli çözgütlere uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy «Çalyk Holding» kompaniýasynyň Türkmenistandaky taslamalarda mundan beýläk-de täze tehnologiýalary, ýokary öndürijilikli enjamlary işjeň ulanjakdygyna ynam bildirdi.
Ahmet Çalyk bildirilýän uly ynam üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de kompaniýanyň geljekde-de öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk birek-birege berk jan saglyk, rowaçlyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.