AŞGABATDA ABAÝ KUNANBAÝULYNYŇ ÝADYGÄRLIGINIŇ AÇYLYŞ DABARASY BOLDY
2024-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana resmi sapar bilen geldi.
Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklary galdyryldy we Hormat garawuly nyzama düzüldi.
Howa menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşýärler. Soňra bu ýerde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.
Gahryman Arkadagymyz belent mertebeli myhmany türkmen topragynda mähirli mübärekläp we ýurdumyza resmi sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, türkmen-gazak gatnaşyklarynyň strategik häsiýete eýedigini, ähli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýändigini nygtady.
Prezident Kasym-Žomart Tokaýew mähirli kabul edilendigi üçin Milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gazagystanyň Türkmenistany hoşniýetli dost we ýakyn goňşy hasaplaýandygyny nygtady. Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar strategik esasda okgunly ösdürilýär. Gazagystan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär.
Prezident Kasym-Žomart Tokaýew türkmen halkynyň Milli Lideriniň döwletara dialogy pugtalandyrmakda saldamly şahsy goşandyna ünsi çekip, Gahryman Arkadagymyzyň Gazagystan Respublikasynda uly abraýa eýedigini nygtady.
Ynanyşmak we oňyn ýagdaýda geçirilen duşuşygyň barşynda hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ýokary derejesi kanagatlanma bilen bellenildi.
Soňra belent mertebeli myhmanlary kabul etmek üçin niýetlenen terminalyň öňündäki meýdançada Gazagystan Respublikasynyň Baştutanyny resmi garşylamak dabarasy boldy.
Dabara tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň bilelikdäki awtoulag kerweni gazak halkynyň beýik şahyry we akyldary Abaý Kunanbaýewiň heýkeliniň açylyş dabarasynyň geçiriljek ýerine ugrady.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew dabaranyň geçirilýän ýerine geldiler. Dabara Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň wekiliýetleri, medeniýet, sungat işgärleri gatnaşdylar. Iki ýurduň sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary çärä özboluşly öwüşgin çaýdy.
Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýyl meşhur söz ussady, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň halkara derejede giňden bellenilýändigini we bu waka mynasybetli Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda dürli dabaraly çäreleriň guralýandygyny aýtdy. Bu gün bolsa biz paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjegindäki ajaýyp seýilgähde doganlyk gazak halkynyň beýik şahyry, görnükli medeniýet we sungat işgäri Abaý Kunanbaýewiň heýkeliniň açylyş dabarasyny geçirýäris diýip, Milli Liderimiz belledi hem-de dabara gatnaşyjylaryň ählisini bu ajaýyp waka bilen tüýs ýürekden gutlady.
Hormatly Arkadagymyz Gündogaryň meşhur akyldary Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny dünýä ýaýmakda, iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak barada karara gelendigini habar berdi.
Pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Kasym-Žomart Tokaýewe bu döwlet sylagyny uly hormat bilen gowşurdy.
Soňra Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe söz berildi. Dostlukly döwletiň Baştutany, öz nobatynda, Gahryman Arkadagymyza we ähli türkmen halkyna «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň gowşurylandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu sylagy iki halkyň arasyndaky özara düşünişmegiň we dostlugyň nyşany hökmünde kabul edýändigini belledi.
Belent mertebeli myhman şu günüň iki ýurduň ruhy-medeni durmuşynda aýratyn gündügini belledi. Aşgabadyň ajaýyp künjeginde gazak halkynyň beýik şahyry we akyldary Abaý Kunanbaýewiň ýadygärligi oturdyldy.
Muny türkmen doganlarymyzyň gazak halkyna aýratyn hormat-sarpasynyň aýdyň nyşany hasaplaýaryn diýip, Gazagystanyň Baştutany aýtdy. Şeýle-de ol Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize bu asylly başlangyjy goldandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Sabyrsyzlyk bilen garaşylan pursat gelip ýetýär: türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Abaý Kunanbaýewiň ýadygärligini açýarlar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti heýkele ajaýyp gül desselerini goýup, beýik söz ussadyny sarpalaýarlar. Soňra iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalary hem heýkele gül goýdular.
Dabara tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz we dostlukly ýurduň Lideri hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugradylar.