TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞDY

2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistana sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara foruma işjeň gatnaşandygy üçin Pakistanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, myhmanyň şu gezekki saparynyň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarmakda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Pakistanyň Prezidenti halkara forumyň guramaçylyk derejesine ýokary baha berip, şeýle çäreleriň medeni-ynsanperwer ulgamdaky döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda wajyp ähmiýetini nygtady.

Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolan wagtyndan bäri Pakistanyň biziň ynamdar hyzmatdaşymyz bolmak bilen, ýurdumyzyň hoşniýetlilik ýörelgesine hemişe goldaw berip gelýändigini, sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge işjeň ýardam berýändigini belledi.

Nygtalyşy ýaly, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ýyllaryň synagyndan geçen dostluk we doganlyk däplerine, özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygyň umumy kadalarynyň berk binýadyna esaslanýar. Türkmenistan bilen Pakistany diňe bir geografik ýakynlyk däl-de, eýsem, çuňňur taryhy kökler, medeniýetleriň we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar.

 Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandy üçin Asif Ali Zardarä minnetdarlyk bildirdi.

“Biz Pakistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge hemişe ygrarlydyrys. Asyrlardan gözbaş alýan dost-doganlyk däpleri we özara bähbitli hem-de deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri bu gatnaşyklaryň esasyny düzýär” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. 

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary ýaly iri möçberli taslamalaryň bilelikde durmuşa geçirilmegi ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr.

Söhbetdeşleriň umumy pikirine görä, açyklyga, özara ynanyşmaga, dostluga esaslanýan iň ýokary döwlet derejesindäki dialog türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň esasy şertidir. Iki döwletiň Baştutanlarynyň yzygiderli gatnaşyklary, dostlugy iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen iri taslamalary, uzak möhlete niýetlenen başlangyçlary ilerletmäge güýçli itergi berýär.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari birek-birege berk jan saglyk, bagtyýarlyk, iki ýurduň dostlukly halkyna bolsa rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdiler.