AŞGABATDA SÖWDA-YKDYSADY WE YLMY-TEHNIKI HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA BILELIKDÄKI TÜRKMEN-TÄJIK HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Aşgabatda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň nobatdaky13-nji mejlisi geçirildi.
Oňa gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Orunbasary S.Ziýozodanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Orunbasary T.Atahallyýew ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşugyň dowamynda taraplar 2023-nji ýylda Dushanbede geçirilen hökümetara toparyň 12-nji mejlisinde gelnen ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň gidişini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar hem-de ähli ýetilen ylalaşyklaryň pugta ýerine ýetirilmeginiň zerur bolup durýandygyny nygtadylar.
Bilelikdäki toparyň gün tertibine söwda-ykdysady gatnaşyklaryň möhüm meseleleri girizildi. Şunuň bilen baglylykda, özara bähbitli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak, söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, maýa goýum işini işjeňleşdirmek, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Energetika pudagy, ulag we logistika, oba hojalygy, senagat geljegi uly ugurlaryň hataryndadygy aýdyldy.
Mejlise gatnaşyjylar uzak möhletleýin esasda ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmegiň täze görnüşlerini işläp taýýarlamagyň möhümdigini nygtadylar. Häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, ylmy-tehniki ulgamda, öňdebaryjy tehnologiýalarydyr innowasiýalary ornaşdyrmak, bu ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Ynsanperwer gatnaşyklary, şol sanda ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi. Türkmenistan bilen Täjigistan medeni ulgamda hem netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Medeniýet günleriniň we beýleki döredijilik çäreleriniň geçirilmegi munuň aýdyň güwäsidir.
Şeýle hem saglygy goraýyş, sport ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy.
Ýurtlaryň özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýändigini, gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge ygrarlydyklaryny tassyklap, mejlise gatnaşyjylar strategik häsiýete eýe bolan türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň täze many-mazmuna eýe bolup, geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.