TÜRKMENISTANYŇ «MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGYNA» ATLY ÝUBILEÝ MEDALY BILEN SYLAGLANAN PROFESSOR NIKOLAÝ WASKIW BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK

img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Ilçihananyň edara binasynda Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanan, Taras Şewçenko adyndaky Kiýew milli uniwersitetiniň Ukrain dilini öwreniş ylmy-barlag institutynyň baş ylmy işgäri professor Nikolaý Waskiw bilen duşuşyk geçirildi.

Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň degişli Kararyna laýyklykda döredilen bu hormat nyşany bilen Nikolaý Waskiw Gündogaryň akyldary we klassik şahyry Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny öwrenmek, aýawly saklamak we dünýä jemgyýetçiligine wagyz etmek boýunça bitiren uly işleri, hem-de Türkmenistan bilen medeni we dostlukly gatnaşyklary ösdürmekdäki hyzmatlary üçin sylaglandy.

Sylaglamak dabarasy Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumynyň öňüsyrasynda, 2024-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Aşgabat şäherindäki Magtymguly adyndaky döwlet uniwerstitinde geçirildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa sylaglara mynasyp bolan beýleki daşary ýurt raýatlary bilen bir hatarda, professor N.Waskiwa ýubileý medaly hem-de ýadygärlik we sowgatlyk nyşany gowşurdy.

Şeýle hem, N.Waskiw Aşagabat şaherine bolan saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň talyplarynyň we mugallymlarynyň öňünde okuw sapagy bilen çykyş edip, görnükli türkmen şahyry Magtymgulynyň, türkmen edebiýatynyň we medeniýetiniň mirasyny öwrenmekde we ýaýratmakda toplan tejribesi we bilimleri bilen paýlaşdy.

Filologiýa ylymlarynyň doktory, ukrain dilindäki edebi neşir bolan “Magtymguly Pyragy. Ylham” kitabynyň, türkmen şahrynyň ömri we döredijiligi barada birnäçe ylmy-gözleg işleriniň awtory professor N.Waskiwiň bu sylag bilen sylaglanmagy, türkmen we ukrain medeni hyzmatdaşlygynyň taryhynda ýatdan çykmajak senä öwrüldi.

Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçisi T.Ataýew N.Waskiwi bu ýokary sylag bilen tüýs ýürekden gutlap, onuň Magtymguly Pyragynyň döredijiligini Ukrainada we dünýä jemgyýetçiligine wagyz etmekde bitiren uly işlerine, halklarymyzyň arasyndaky dostlugy we medeni gatnaşyklary ösdürmekdäki goşandy üçin mynasyp baýrakdygyny belledi.

Öz gezeginde professor N.Waskiw şeýle ýokary sylag bilen sylaglanandygyna begenjiniň çäginiň ýokdugyny belläp, bitiren işlerine we ynamyna şeýle derejede ýokary bahanyň berenligi üçin Türkmenistanyň Prezidentine çuňňur minnetdarlyk sözlerini aýtdy. Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda  geçirilen ýubileý çärelerine gatnaşan professor, bu çäreleriň guramaçylykly we ýokary derejede geçirilendigine, çärelere gatnaşyjy myhmanlara mähirli  myhmansöýerligiň görkezilendigine hoşallygyny bildirdi. N.Waskiw dostlukly türkmen halkyna we tutuş Türkmenistana mundan beýläk-de abadançylyk we ösüş arzuw etdi.

Şeýle hem bu duşuşyga Magtymguly Pyragynyň ukrain dilindäki eserleriniň doly ýygyndysy bolan “Magtymguly Pyragy. Ylham” kitabynyň neşir eden, hem-de beýleki eserleriň çapdan çykaran ukrain neşirýat kompaniýasynyň direktory W.Zelenskiý hem gatnaşdy. Öz gezeginde W.Zelenskiý Türkmenistanyň Hormatly ýolbaşçylary tarapyndan türkmen edebiýaty, taryhy, medeniýeti, milli däp-dessurlary boýunça ýazylan eserleri, şeýle hem XVIII asyryň görnükli şahsyýeti Magtymguly Pyragynyň döredijiligini mundan beýläk hem ukrain okyjylarynyň arasynda ýaýbaňlandyrmak Ilçihana bilen taslamalary durmuşa geçirmäge taýýarlygyny yglan etdi.