HYTAÝYŇ KOMMUNISTIK PARTIÝASYNYŇ MERKEZI KOMITETINIŇ HALKARA BÖLÜMINIŇ MÜDIRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 26-njy dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew bilen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň halkara bölüminiň müdiriniň orunbasary Çen Çžouň arasynda duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-hytaý köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Döwletara gepleşikleri işjeňleşdirmekde iň ýokary derejedäki duşuşyklaryň möhüm ähmiýete eýedigi, olaryň türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösmegine we giňeldilmegine güýçli itergi berýändigi bellenildi.
Parlament diplomatiýasynyň aýratyn ähmiýeti tassyklanyldy, şonuň bilen birlikde, iki döwletiň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň möhüm ugry bolan parlamentara hem-de partiýalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli ösdürilýändigi bellenildi.
Duşuşykda söhbetdeşler uzakmöhletleýin esasda ýola goýulýan we özara bähbitlere laýyk gelýän iki ýurduň jemgyýetçilik guramalarynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň birnäçe möhüm ugurlary barada pikir alyşdylar.
Iki ýurduň «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak baradaky ygrarlylygy hem tassyklandy.
Taraplar iki dostlukly ýurduň milli bähbitlerine we ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän netijeli özara gatnaşyklary mundan beýläk-de dowam etmäge bolan meýillerini beýan etdiler.