AŞGABATDA «AK KEPDERI – PARAHATÇYLYGYŇ ILÇISI» ATLY DÖREDIJILIK SERGISI ÝAÝBAŇLANDYRYLDY

photo

Şu gün ýurdumyzyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Ak kepderi – parahatçylygyň ilçisi» atly döredijilik sergisi ýaýbaňlandyryldy. Ýokary okuw mekdebiniň zehinli talyplarynyň döredijiliginden ybarat bolan sergi  Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli guraldy.

Sergide Döwlet çeperçilik akademiýasynyň zehinli talyplarynyň parahatçylyga, ynsanperwer ýörelgelere bagyşlanan eserlerinde Gahryman Arkadagymyzyň tutuş dünýä ähmiýetli öňe sürýän başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde dünýä derejesinde ykrar edilmegi öz beýanyny tapýar. 

Bu ýerde guralan sergä paýtagtymyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän körpeleriň we paýtagtymyzyň orta mekdepleriniň başlangyç synp okuwçylarynyň gelip görmekleri hem-de görkezilýän eserler bilen tanyşmaklary ähmiýetli waka hökmünde kabul edilýär. Bellenilişi ýaly, sergide görkezilýän eserler ösüp gelýän ýaş nesillerde watançylyk we zähmetsöýerlik duýgularyny kemala getirmekde möhüm orna mynasypdyr. 

Sergide görkezilýän gymmatlyklar bilen tanyşlygyň dowamynda mugallymlar döwlet derejesinde döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp ýaş nesillerde Watana, päk zähmete we gözel tebigatymyza bolan söýgüni pugtalandyrmak ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.