TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ ORUNBASARYNY KABUL ETDI

2025-nji ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Rabab Fatimany kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine gönükdirilen oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Döwlet Baştutanymyza we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hanym Rabab Fatimany mähirli mübärekläp, BMG-niň Baş sekretaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de myhmanyň saparynyň çäklerinde şu ýylyň awgustynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmek maksady bilen gatnaşjak brifinginiň we duşuşyklaryň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz Rabab Fatimany Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň geçen 80 ýylyň dowamynda öz binýadynda goýlan belent maksatlara hem-de wezipelere gyşarnyksyz eýerýändigini iş ýüzünde subut edendigini aýdyp, guramanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, ösüşi üpjün etmäge mundan beýläk-de saldamly goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdi. Nygtalyşy ýaly, Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesiniň giňden baýram edilýän ýyly Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi.
Duşuşygyň dowamynda şu ýyl BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça maslahatyny ýokary derejede geçirmek üçin alnyp barylýan guramaçylyk we taýýarlyk işleri barada pikir alşyldy.
Şunuň bilen baglylykda, Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda Türkmenistanda ulag-kommunikasiýa pudagyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmeginiň ulag-logistika pudagyny ösdürmek üçin berk esas bolup durýandygyny, şoňa görä-de, sebit ähmiýetli Demirgazyk–Günorta, Gündogar–Günbatar halkara ulag geçelgelerini ilerletmek boýunça degişli işleriň geçirilýändigini aýtdy. Şunda bu ugurda alnyp barylýan yzygiderli işleriň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň durnukly ulag boýunça kabul eden Kararnamalarynyň ähmiýeti bellenildi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, 2022-nji ýylda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň, halkara hem-de sebitara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda halkara maslahat geçirildi. Onuň dowamynda durnukly üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň geljekde-de Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklap, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Rabab Fatima berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.