TÜRKMENISTANYŇ UKRAINADAKY ILÇISI UKRAINANYŇ MILLI OBA HOJALYK AKADEMIÝASYNYŇ MILLI YLMY OBA HOJALYK KITAPHANASYNA BARYP GÖRDI
Şu ýylyň 04-nji martynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçisi T.Ataýew oba hojalygy ylymlary, bilim we tehnologiýa taryhy institutyny esaslandyryjysy we ýolbaşçysy W.Wergunowyň çakylygy esasynda Milli ylmy oba hojalyk kitaphanasyna baryp gördi.
1917-nji ýylda döredilen Ukrainanyň Milli oba hojalyk akademiýasynyň Milli ylmy oba hojalyk kitaphanasy Ukrainada milli ähmiýetli öňdebaryjy ýöriteleşdirilen kitaphana bolup, oba hojalygynyň meseleleri üçin ylmy we maglumat merkezidir, şeýle hem oba hojalygyna ýöriteleşen 210 kitaphana üçin ylmy we usuly merkezdir. Kitaphananyň resminama-maglumat gory milliondan gowrak bolup, 59 ýurtdan 32 dilde ýygyndylar bar.
Duşuşygyň dowamynda W.Wergunow Türkmenistanyň Ilçisine medeni we bilim taýdan möhüm baýlyk bolan kitaphananyň gaznalarynda saklanýan kitap ýygyndylaryny görkezdi. Kitaphanada Türkmenistanda oba hojalygyna bagyşlanan köp sanly neşirler hem bar.
Şeýle hem bu ýerde Türkmenistanyň Ilçihanasy tarapyndan kitaphananyň fonduna sowgat berlin dürli mowzuklar boýunça türkmen edebiýaty hem bar. Hususan-da, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ganatly bedewler”, “Gadamy batly bedewler”, “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” kitabynyň dürli tomlary, Magtymguly Pyragynyň ukrain dilindäki ýygyndylary bar.
Öz gezeginde T.Ataýew “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” we Milli Liderimiziň ýurdumyzda ýetilen sepgitleri, şol sanda oba hojalyk pudagyndaky üstünlikleri beýan edýän “Garaşsyzlyk – Bagtymyz. 30 ýyl” atly kitabynyň ukrain dilindäki nusgalaryny W.Wergunowa sowgat berip, kitaphananyň fonduny doldurdy.
Taraplar medeni we bilim ugurlarda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak we ösdürmek maksady bilen bu pudak boýunça edebiýatlaryň alyş-çalşyny dowam etdirmäge gyzyklanma bildirdiler.