«ITALIÝADA ÖNDÜRILEN» ATLY TÜRKMEN-ITALÝAN BILELIKDÄKI MODA GÖRKEZILIŞI GEÇIRILDI

img
img
img
img

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda italýan dizaýnerleri Gloriýa Trewizianiniň hem-de Klaudia Bellininiň, şeýle hem akademiýanyň talyby Jennet Agaýewanyň lybaslar toplumynyň moda görkezilişi geçirildi.

Gloriýa Trewiziani we Klaudia Bellini öz lybaslar toplumyny türkmen milli lybaslary bilen utgaşdyrypdyrlar, türkmen milli şaý-sepleri we keşdeleri ulanypdyrlar.

Çäräniň açylyş dabarasynda Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luiji Ferrari, «Federmoda» milli assosiasiýasynyň ýolbaşçylary Antonio Frankesçini we Roberto Korbelli çykyş etdiler. «Federmoda» assosiasiýasy Italiýada dünýä moda ýörelgelerini kesgitleýän öňdebaryjy moda agentliklerinden biridir.