TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ŽENEWADA SPECA-NYŇ MINISTRLER DUŞUŞYGYNA WE UNECE-IŇ 71-NJI MEJLISINE GATNAŞDY

img
img
img
img

BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin ýörite maksatnamasynda (SPECA) Türkmenistanyň başlyklygynyň çäginde 8-nji aprelde Ženewadaky Milletler Köşgünde SPECA agza ýurtlaryň ministrler duşuşygy geçirildi.

Çärä Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti, Ýewropa ykdysady komissiýasynyň ýerine ýetiriji sekretary Tatýana Molçan we ESCAP-yň Ýerine ýetiriji sekretary Armida Alişahbana (onlaýn görnüşde) ýaly BMG-niň ýokary derejeli wekilleri, şeýle hem SPECA agza ýurtlaryň wekiliýetleri gatnaşdylar.

Gün tertibine laýyklykda SPECA-nyň çäginde kabul edilen esasy strategiki resminamalaryň ýerine ýetirilmegine aýratyn üns berildi, şol sanda: BMG-niň halkara hukuk gurallaryny ulanmak arkaly söwda we ulag ulgamlarynda böwetleri azaltmak boýunça Aşgabat başlangyjy; BMG-niň hukuk gurallaryny we standartlaryny ulanmak arkaly Hazarüsti ulag geçelgesiniň ugrunda maglumatlar hem-de resminamalar multimodal alşygyny sanlylaşdyrmak boýunça Ýol kartasy; SPECA-nyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösüş konsepsiýasy we beýleki başlangyçlar.

9-njy aprelde, çarşenbe güni Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň 71-nji mejlisine gatnaşdy. Sessiýa durnukly ösüş, sanly özgeriş, ýaşyl ykdysadyýet, Ýewropa sebitiniň çäginde hem-de onuň daşynda söwda we ulag bilen baglanyşykly wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin agza ýurtlaryň, halkara guramalaryň we BMG-niň edaralarynyň wekillerini ýygnady.

Söwda we ulag proseslerini sanlylaşdyrmak, sebit özara gatnaşygyny gowulandyrmak, howanyň durnukly infrastrukturasyny goldamak we sebitara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge hem-de sebitde durnukly, inklýuziw we deňagramly ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen BMG-niň edaralary tarapyndan durmuşa geçirilýän başlangyçlara işjeň gatnaşmaga taýýarlygyny tassyklady.