ARKADAG ŞÄHERINDE HALKARA AHALTEKE ATÇYLYK ASSOSIASIÝASYNYŇ XV MEJLISI GEÇIRILDI

photo

23-nji aprelde Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XV mejlisi geçirildi.

Bellenilişi ýaly, çärä Türkmenistanyň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary, assosiasiýanyň agzalary, ýerli we daşary ýurtly atşynaslar gatnaşdylar.

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň binasynyň öňünde medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Soňra Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XV mejlisine gatnaşyjylar akademiýanyň binasynyň eýwanynda guralan sergini synladylar.

Ýokary okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda geçirilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XV mejlisiniň gün tertibine Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy tarapyndan alnyp barlan işler, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurduň atşynaslaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak, assosiasiýa täze agzalary kabul etmek hem-de beýleki guramaçylyk meseleleri girizildi.

Mejlisde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň indiki mejlisiniň geçiriljek wagty we ýeri bilen bagly meselä hem seredildi hem-de bu boýunça degişli çözgüt kabul edildi.