TÜRKMENISTAN HALKARA SÖWDA WE HYZMATLAR ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRÝÄR
Şu günler Aşgabat şäherinde «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarka hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülere laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahaty dowam edýär.
Sergi-ýarmarka we halkara maslahata ýurdumyzyň döwlet hem-de hususy düzümleri bilen bir hatarda, daşary ýurtlaryň 30-dan gowragyndan wekiller gatnaşýarlar.
Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň 140-dan gowragy hem-de halkara düzümler öz işleridir hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri bilen bu ýere gelýänleri tanyşdyrýar. Söwda toplumyna degişli döwlet edaralarynyň — Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Söwda-senagat edarasynyň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Arkadag şäheriniň Söwda müdirliginiň diwarlyklarynda bu düzümler tarapyndan alnyp barylýan işler, sanly we maglumat tehnologiýalarynyň esasynda söwda amallarynyň täzeçil usulda ýerine ýetirilişi barada giňişleýin maglumat berilýär.
Halkara çäreleriň dowam edýän günlerinde ýurdumyzyň işewür düzümleriniň we daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň, sertifikatlaşdyryş guramalarynyň arasynda birnäçe duşuşyklaryň geçirilmegi, hyzmatdaşlyk boýunça resminamalaryň baglaşylmagy göz öňünde tutulýar.