ARKADAG ŞÄHERINDE GEÇIRILEN MASLAHATYŇ JEMLEÝJI RESMINAMASY BMG-NIŇ GÜN TERTIBINE GIRIZILDI

29-njy martda Arkadag şäherinde geçirilen “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahatyň jemleýji resminamasy Birleşen Milletler guramasynyň resmi dillerine terjime edildi we Baş Assambleýanyň 79-ny sessiýasynyň gün tertibine girizildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli geçirilen çäre daşary ýurtlaryň wekillerini özüne çekip, halkara giňişlikde möhüm waka öwrüldi.
Degişli resminama parahatçylyk medeniýeti, durmuş ösüşi, parahatçylygy döretmek we çagalaryň hukuklaryny goramak ugurlaryny öz içine aldy.
Forumyň halkara derejede ykrar edilmegi çagalaryň abadançylygyny üpjün etmek boýunça Türkmenistan tarapyndan alnyp barylýan işleriň möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny tassyklaýar. Çagalaryň hukuklaryny goramak, halkara hyzmatdaşlygy arkaly parahatçylyk gymmatlyklaryny ilerletmek möhüm ugurlaryň hataryndadyr.
2025-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” Kararnamasyny biragyzdan kabul etdi.