TÜRKMENISTAN WE FRANSIÝA STRATEGIKI HYZMATDAŞLYGYŇ GELJEGINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

photo

5-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasyna resmi saparyny amala aşyrdy.

Resmi saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makron, “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Marten Buig bilen duşuşdy. Şeýle hem bu sapara gabatlanyp, Parižde guralan Türkmen-fransuz ykdysady forumyna gatnaşdy.

Elize köşgünde Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Emmanuel Makronyň arasynda duşuşyk geçirdi, hem-de onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşyldy.

Mundan başga-da, duşuşykda şäher gurluşygy, durnukly ösüş we arheologiýa ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Agşamlyk nahar başyndaky iş duşuşygynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny Emmanuel Makrona ýetirdi we Türkmenistanyň Bitaraplygyny, halkara başlangyçlaryny üýtgewsiz goldaýandygy üçin Fransiýa minnetdarlyk bildirdi. Gurbanguly Berdimuhamedow fransuz tarapyny şu ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli ýurdumyzda halkara derejede geçiriljek çärelere çagyrdy.

Saparyň esasy netijesi energetika we sanly tehnologiýalar, bilim we arheologiýa ýaly hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny öz içine alýan dokuz sany ikitaraplaýyn resminama gol çekilmegi boldy. Fransuz maýa goýumlaryny Türkmenistanyň ykdysadyýetine çekmek we durnukly ösüş ugrunda bilelikdäki taslamalary öňe sürmek meselelerine aýratyn üns berildi.