TÜRKMENISTANYŇ UKRAINADAKY ILÇISINIŇ GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ UKRAINADAKY TÄZE BELLENEN ILÇISI BILEN GEÇIREN DUŞUŞYGY BARADA

14.05.2025ý. senede Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçisi Toýly Ataýew Gazagystan Respublikasynyň Ukrainadaky täze bellenen Ilçisi Tolejan Barlybaýew bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Ilçiler hyzmatdaşlygyň dürli meseleleri boýunça pikir alyşdylar, şol sanda dostlukly ýurtlaryň daşary we içerki syýasytynyň ösdürilmegiň häzirki ugurlary, halkara gün tertibindäki meseleleri we diplomatik wekilhanalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň soraglaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar hoşniýetli gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berip, diplomatik wekilhanalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri boýunça mundan beýläk hem bilelikde işleriň alnyp baryljakdygyna ynam bildirdiler.
T.Ataýew Ilçini wezipä bellenmegi bilen gutlap, oňa döwletleriň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we çuňlaşdyrmak ugrundaky işjeňliginde üstünlikler arzuw etdi.