TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASYNYŇ WE DÖWLET BAÝDAGYNYŇ GÜNI MYNASYBETLI YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň Daşary işler, Bilim ministrlikleri, syýasy partiýalar we jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde guramagynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasy — ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň hukuk kepili, Döwlet baýdagy — halkara parahatçylygyň nyşany» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu çäre Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirildi.
Ylmy-amaly maslahata Mejlisiň deputatlary, Aşgabat şäher halk maslahatynyň agzalary, ýurduň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, alymlar, professor-mugallymlar, şeýle hem ýaşlar gatnaşdylar.
Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň eýwanynda ýurduň medeniýet we sungat ussatlary aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Bu ýerde amaly-haşam sungatynyň eserleriniň we kitaplaryň sergisi-de guraldy.
Umumy mejlisden soňra, ylmy-amaly maslahat öz işini bölümçelerde dowam etdi.
Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.