“TURKMENTEXTILE EXPO-2025” TÜRKMENISTANYŇ DOKMA PUDAGYNYŇ MÜMKINÇILIKLERINI TANYŞDYRAR

photo

2025-nji ýylyň 11 – 13-nji iýunynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda “Turkmentextile Expo-2025” atly halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi we “TurkmenExpo” kärhanasy çäräni guraýjylar bolup çykyş edýärler. Sergi dokma önümçiligi üçin enjamlar, tebigy süýümi gaýtadan işlemek, lybaslary, aýakgaplary, hojalykda ulanylýan dokma önümleri, ätiýaçlyk şaýlary, himiki serişdeleri, boýaglary, esbaplary öndürmek hem-de döwrebap tehnologiýa çözgütleri ýaly giň ugurlary öz içine alar.

“Turkmentextile Expo-2025” sergisiniň maksady Türkmenistanyň barha ösýän dokma senagatynyň kuwwatlyklaryny tanyşdyrmakdan, halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekden we dokma pudagynda işewürlik gatnaşyklary giňeltmekden ybaratdyr. Serginiň çäklerinde şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy bilermenleriniň gatnaşmagynda okuw we tejribe sapaklary geçiriler. Olarda öňdebaryjy bilimler we dokma işine degişli döwrebap çemeleşmeler özara paýlaşylar.

Foruma gatnaşyjylar iň soňky işläp taýýarlamalar bilen tanşyp, hünärmen gatnaşyklaryny ýola goýup we degişli ulgamda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşyp bilerler.