TÜRKMEN ILI GURBAN BAÝRAMYNY BELLEÝÄR
Şu günler Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde hem-de ýurduň ähli welaýatlarynda Gurban baýramy giňden bellenilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny umumadamzat gymmatlyklaryny baýlaşdyrýan hem-de belent ynsanperwerlik gatnaşyklaryny pugtalandyrýan Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.
“Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň giňden we dabaraly bellenýän ýylynda hem yslam dünýäsiniň merkezi bolup durýan iki mukaddeslikde — Mekge şäherindäki keramatly Käbede hem-de Medine şäherindäki Muhammet pygamberiň metjidinde tagat-ybadatlaryny, haj parzlaryny berjaý etmekleri üçin watandaşlarymyzyň müňlerçesini Saud Arabystany Patyşalygyna zyýarata iberdik” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany gutlag hatynda belledi.
Gurban baýramynyň ilkinji gününde ýurduň ähli welaýatlarynda baýram namazy okalyp, ýagşy doga-dilegler edildi we baýramçylyk mynasybetli dabaralar geçirildi.