TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINIŇ 14-SI «THE IMPACT RANKINGS-2025» DÜNÝÄ REÝTINGINIŇ SANAWYNDA ORUN ALDY

photo

«Times Higher Education (THE)» Britan guramasynyň garaşsyz halkara bilermenleriniň ykrarnamasyna eýe bolan Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 14-si «THE Impact Rankings-2025» atly her ýyl çap edilýän  täsir etmegiň ählumumy reýtinginiň ýedinji neşiriniň setirlerinde ýerleşdiler. 

«THE Impact Rankings» reýtingi 2019-njy ýyldan bäri geçirilýär hem-de netijeliligiň esasy ählumumy sanawy bolup durýar. Şonda uniwersitetlere Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kesgitlenilen we durmuş-ykdysady ösüş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen 17 Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) gazanylmagy boýunça baha berilýär. 

«THE Impact Rankings-2025»-e  girizilen türkmen ýokary okuw mekdepleri 17 DÖM-iň ählisini diýen ýaly gazanmaga işjeň we anyk hereketli  gatnaşýandyklaryny görkezdiler. Şolaryň hatarynda «Bilimiň hili», «Elýeterli we arassa energiýa», «Senagat, innowasiýalar we infrastruktura», «Gender deňligi»,  «Gury ýerleriň ekoulgamyny goramak», «Saglyk we abadançylyk», «Arassa suw we arassaçylyk», «Mynasyp iş we ykdysady ösüş», «Durnukly şäherler we ilatly ýerler», «Maksatlary gazanmak üçin hyzmatdaşlyk» baradaky maksatlar we beýlekiler bar.