TÜRKMENISTANYŇ ULAG WE ARAGATNAŞYK PUDAGYNDA TÄZE MINISTRLIKLER WE GULLUKLAR DÖREDILDI
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda ulag we aragatnaşyk toplumynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, degişli resminamalara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligini, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligini hem-de Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligini döredildi.
Şeýle hem “Türkmenhowaýollary” hem-de “Türkmendeňizderýaýollary” agentlikleri degişlilikde “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy hem-de Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy täzeden düzülip, täze hukuk ýagdaýy berildi.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany täze döredilen ministrlikleriň ýolbaşçylaryny hem belledi. Demir ýol ulaglary ministriniň wezipesine Mämmet Akmämmedow, awtomobil ulaglary ministri wezipesine Begenç Annadurdyýew, aragatnaşyk ministri wezipesine bolsa Hajymyrat Hudaýgulyýew bellenildi.
«Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň başlygy wezipesine Döwran Saburow, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy wezipesine bolsa Azat Şanazarow bellenildi.
Ulag-kommunikasiýa toplumyna gözegçilik edýän Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bolsa alty aýlyk synag möhleti bilen Mämmethan Çakyýew bellenildi.