Türkmenistanda dalaşgärler üçin maglumatlar saýty we ykjam goşundy işi girizildi

img
img
img
img
img
img

Türkmenistanyň Bilim ministrligi dalasgar.bilim.tm atly habarlar platformasyny işe girizdi. Onuň kömegi bilen dalaşgärler göni wagtyň özünde ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine 2025-nji ýylyň kabul ediş möwsüminiň barşyny synlap bilýärler.

Sanly ulgam her gün täzelenýär hem-de ulanyjylara her ýokary okuw mekdebinde her hünär boýunça tabşyrylan resminamalaryň möçberi barada anyk maglumatlary berýär. Maglumatlar, umuman, Türkmenistan boýunça bolşy ýaly, Aşgabat, Arkadag şäherleri hem-de ähli bäş welaýatlaryň hersi boýunça elýeterlidir. Munuň özi dalaşgärlere özleriniň okuwa girmäge bolan mümkinçiliklerine baha bermäge we ol ýa beýleki ýokary okuw mekdebi, hünäri saýlamaga, şeýle hem häzirki giriş möwsüminiň depginine aňsatlyk bilen ser salmaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistanda ilkinji gezek işe girizilen maglumatlar saýty kabul ediş möwsüminiň açyklygyny we adalatly geçirilmegini, onuň barşy barada dalaşgärleriň möhüm täze maglumatlara erkin elýeterliligini üpjün etmek hem-de ýaşlaryň geljekki hünärlerini saýlamaklaryna goldaw bermek üçin işlenilip taýýarlanyldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň dalaşgärleri üçin «Men talyp» diýen täze ykjam goşundy döredildi we işe girizildi. Ol okuwa girjeklere giriş synaglaryna taýýarlanmaga, öz bilimlerini giňeltmäge, barlamaga we oňa baha bermäge kömek eder.

Dalaşgärlere niýetlenilen «Men talyp» diýen ýönekeý we amatly goşundy Google Play-de ýükläp almak üçin elýeterlidir.