TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ANTONIU GUTERRIŞ BILEN AWAZADA DUŞUŞYK GEÇIRDI

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy. Duşuşyk BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji halkara maslahatynyň çäklerinde geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany 2024-nji ýylyň dekabrynda tassyklanan Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin Täze Hereketler Maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine häzirki forumyň täzeden itergi berjekdigine ynam bildirdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň bu ugurda halkara hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşmaga, deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň durnukly ösüşini üpjün etmäge we dünýä ykdysadyýetine goşant goşmagyna taýýardygyny aýratyn belledi.
BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki möhüm meseleleriň çözgüdine goşandynyň örän ähmiýetlidigini nygtady. Ol Türkmenistanyň BMG-niň strategik hyzmatdaşlarynyň biri bolup, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagyna işjeň gatnaşýandygyny aýtdy.
Taraplar Awazada geçirilýän maslahatyň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge we täze ulag-logistika geçelgelerini döretmäge möhüm itergi berjekdigine ynam bildirdiler. Duşuşygyň ahyrynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagyndaky gazanan üstünliklerini aýratyn belledi.