AWAZADA DÇBÖBD-NIŇ ÝAŞLAR JARNAMASY KABUL EDILDI

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilýän Ýaşlar forumynyň barşynda «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň geljegi üçin köprüleri gurmak» atly Ýaşlar jarnamasy tanyşdyryldy hem-de makullanyldy.
Bellenilişi ýaly, kabul edilmegi meýilleşdirilýän bu resminama BMG-niň az ösen döwletler, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de ösüp barýan kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekiliniň müdiriýetiniň hem-de deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň Ýaşlar maslahat beriş toparynyň agzalarynyň ýardam bermeginde, Ýaşlar guramalarynyň halkara komiteti hem-de Çagalaryň we ýaşlaryň işleri boýunça esasy toparyň awtordaşlygynda, deňze çykalgasy bolmadyk 32 ýurduň ählisiniň ýaşlary bilen hemmetaraplaýyn geňeşmeler esasynda taýýarlanyldy.
Bu Jarnama DÇBÖBD-de çözgütleri kabul etmek işine ýaşlaryň gatnaşmagyny üpjün etmäge we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin täze Hereketler maksatnamasynyň wezipelerini hem-de maksatlaryny gazanmakda ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilip, ýaşlaryň has gowy geljek babatda garaýyşlaryny beýan edýär.
Форумyň dowamynda BMG-niň Baş sekretarynynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça ünji maslahatynň Baş sekretary Rabab Fatima türkmen tarapyna dabaraly ýagdaýşlar jar jarnamasyny gowşurdy.