«TÜRKMENISTAN ÝEWROPA BILEN BILIM, YLYM WE SAGLYGY GORAÝYŞ UGURLARYNDA HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMÄGE TAÝÝAR» – MEREDOW

photo

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ýurduň dürli ugurlar boýunça Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardygyny aýtdy. Bu barada ol Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça BMG-niň üçünji Maslahatynyň çäklerinde geçirilen metbugat ýygnagynda habar berdi.

Ministriň sözlerine görä, halkara jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlykda özara ulag baglanyşyklary möhüm meseleleriň biri bolup galýar. Ýewropanyň ýurtlary bilen ulag ulgamy boýunça gatnaşyklary ÝB-niň «Dünýä geçelgeleri» strategiýasynyň esasynda ösdürmeklige aýratyn ähmiýet berilýär.

Meredow 2024-nji ýylyň ýanwarynda türkmen wekiliýetiniň bu strategiýa degişli ÝB-niň maýa goýum forumyna gatnaşandygyny ýatlatdy. Şu ýylyň oktýabrynda bu babatda geçiriljek sammite gatnaşmak üçin Türkmenistanyň işjeň taýýarlyk görülýändigi hem bellenip geçildi.

Ministr şeýle hem şu ýylyň mart aýynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Ýewropa Bileleşiginiň halkara syýasat we howpsuzlyk boýunça ýokary derejeli wekili Kaýa Kallas bilen geçirilen duşuşygynda sebitleriň arasyndaky ulag gatnaşyklarynyň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi.

Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny beýan eden ugurlaryň arasynda ulag we üstaşyr, energetika (esasan hem «ýaşyl energetika»), söwda-ykdysady gatnaşyklar bar. Mundan başga-da, Türkmenistan bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet hem-de jemgyýetçilik ulgamlarynda gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýär — diýip, daşary işler ministri nygtady.