TÜRKMENISTAN BILEN ABŞ-NYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 20-nji awgustynda Waşington şäherinde Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda ýyllyk ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň on birinji tapgyry geçirildi.
Geňeşmeleriň türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, amerikan tarapyna bolsa ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň orunbasary Jon Mark Pommerşaým ýolbaşçylyk etdiler.
Duşuşygyň dowamynda türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüş mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, şeýle hem “C5+1” formatyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Söhbetdeşligiň barşynda iri amerikan kompaniýalary bilen bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylyşy we Türkmenistanda maýa goýum işjeňligini giňeltmegiň mümkinçilikleri aýratyn üns merkezinde boldy.
Duşuşykda yzygiderli geçirilýän ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň netijeli guraly hökmünde özüni oňyn tarapdan görkezýändigi bellenildi.