AŞGABATDA “KIDS EXPO 2025” HALKARA SERGISI AÇYLDY

img
img
img
img

Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň  “Turkmen Expo” kompaniýasy bilen bilelikde gurnan “Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” atly halkara köpugurly sergi-ýarmarkasy penşenbe güni öz işine başlady.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sergä gatnaşyjylary gutlady. “ “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkada ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň çagalar üçin önümleri öndürýän, hyzmatlary amala aşyrýan kärhanalaryna, okuw merkezlerine, halkara guramalara öz täze innowasion işläp taýýarlamalary, ýokary hilli önümleri we hyzmatlary bilen tanyşdyrmaga ähli mümkinçilikler dörediler. Bu sergi-ýarmarka çagalar üçin özboluşly baýramçylyk çäresine öwrüler, ussatlyk sapaklaryna, bäsleşiklere gatnaşmak arkaly başarnyklaryny artdyrmak üçin gyzykly we ajaýyp meýdança bolup hyzmat eder.” – diýip, Döwlet Baştutany öz gutlagynda belledi.

Çäre 20-den gowrak ýurtdan çaga harytlaryny we bilim tehnologiýalary öndürijiler hem-de çagalar üçin dynç alyş güýmenjeň hyzmatlary bilen üpjün edijiler gatnaşýarlar. Serginiň esasy maksady — işewür hyzmatdaşlygy ösdürmek, maýa goýumlary çekmek we kompaniýalaryň sebit bazaryndaky ornuny pugtalandyrmakdan ybaratdyr. 

“Kids Expo 2025” sergisi giň gerimli şowhunly we bilim maksatly çäreleri hödürleýär. Sergi meýdançasy mowzukly zolaklara bölünip, bu ýerde robot ýaryşlary we programmirleme boýunça wiktorinalar, wirtual hakykat tehnologiýalary bilen görkezilýän ylmy taslamalar, liderlik we terbiýe sapaklary bilen kitap ýarmarkasy, şeýle hem keramika we eşik dizaýny boýunça döredijilik ussatlyk sapaklary geçirilýär.

 “Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” halkara köpugurly sergi-ýarmarkasy 2025-nji ýylyň 23-nji awgustyna çenli Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde dowam eder.