AWAZA — TIF 2025 MAÝA FORUMYNYŇ GEÇIRILJEK MEÝDANÇASYNA ÖWRÜLER

TIF 2025 — Türkmenistanyň Maýa goýum forumynyň guramaçylyk komiteti bu forumyň geçiriljek ýeriniň üýtgedilendigini resmi taýdan habar berdi. Forum häzirki zaman şertlerine laýyk enjamlaşdyrylan, Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde geçiriler.
Forumyň guramaçylary daşary ýurtly myhmanlaryň rahatlygyny üpjün etmek üçin ähli mümkinçilikleri döretdiler. 17-19-njy sentýabrda Aşgabat – Türkmenbaşy ugry boýunça ýörite uçar gatnawy guralar. Şeýle hem myhmanlara döwrebap awtobuslarda transport hyzmaty hem-de "Berkarar" we "Hazyna" myhmanhanalary ýaly kurort zolagyndaky otellerde ýerleşdirme hyzmaty hödürlener.
18–19-njy sentýabrda geçiriljek Türkmenistan Maýa Goýum Forumy (TIF 2025) diňe bir duşuşyk däl — bu sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge, täze hyzmatdaşlary tapmaga we maýa goýum dialogyny ösdürmäge gönükdirilen giň möçberli çäre bolar.
Iki günüň dowamynda gatnaşyjylar ýurdumyzda alnyp barylýan ykdysady özgertmeler we täze başlangyçlar bilen tanyşar, döwlet we hususy kärhanalar bilen göni aragatnaşyklary ýola goýmak, anyk maýa goýum taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak hem-de hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek mümkinçiligine eýe bolarlar.
Forumyň maksatnamasynda strategiki panel çekişmeleri, maýa goýum taslamalaryň tanyşdyrylyşlary, B2B we B2G duşuşyklary, bilermenler üçin master-klaslar hem-de medeni çäreler göz öňünde tutular.
Foruma hasaba alyş möhleti 2025-nji ýylyň 10-njy sentýabryna çenli uzaldyldy.
Doly maglumat: https://tif-turkmenistan.com.