TÜRKMENISTAN DAŞARY IŞLER MINISTRI DOHADA KATARLY KÄRDEŞI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI

photo

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Dohada Katar Döwletiniň Premýer-ministri, Daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al Tani bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda Raşid Meredow katar tarapyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamlaryny ýetirdi. Taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyk 2025-nji ýylyň 14–15-nji sentýabrynda Katarda geçirilen Arap döwletleriniň Ligasynyň hem-de Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler ministrleriniň nobatdan daşary maslahatyna we adatdan daşary arap-yslam sammitiniň çäklerinde geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Katarda bolup geçen wakalar bilen baglylykda resmi garaýşyny beýan edip, halkara meselelerini çözmekde güýji ulanmagyň kabul ederliksizdigini, onuň BMG-niň Tertipnamasynyň hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine ters gelýändigini nygtady.