DUTAR - TÜRKMEN HALKYNYŇ KALBY: KIÝEWDÄKI MAGTYMGULY ADYNDAKY KITAPHANASYNDA GEÇIRILEN “DUTARYŇ SESI” ATLY MEDENI ÇÄRESI
Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda Ukrainanyň paýtagtynda medeni çäre geçirildi. Has takygy, 18-nji sentýabrda Kiýew şäherindäki Magtymguly adyndaky kitaphanada milli türkmen saz gurallaryna, bagşyçylyk sungatyna we aýdym-saz medeniýetine bagyşlanan “Dutaryň sesi” ady bilen medeni çäre geçirildi.
Bu medeni çärä Swýatoşinskiý etrabynyň medeni we bilim edaralarynyň, aýdym-saz mekdepleriniň mugallymlary we okuwçylary, Swýatoşinskiý etrap häkimliginiň we kitaphana ulgamynyň wekilleri, hem-de türkmen ýaşlary gatnaşdy.
Däp bolşy ýaly, çäräniň alyp baryjysy – Magtymguly adyndaky kitaphananyň müdiri kitaphananyň döredilişiniň taryhy we kitaphananyň çägindäki adybir muzeýiniň medeni we terbiýeçilik ähmiýeti barada gürrüň berdi.
Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynyň wekilleri çärä gatnaşyjylara özboluşly saz medeniýeti, türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň döreýşi we ösüşi, milli saz gurallary, bagşyçylyk sungaty we halypaçylyk medeniýeti barada gürrüň berdi. Halk we milli aýdym-saz mirasyny gorap saklamaga we ösdürmäge aýratyn üns berlendigi, onda bagşyçylyk sungaty türkmen medeniýetiniň bahasyna ýetip bolmajak gymmatyny görkezýändigi, dutar we gyjak saz gurallarynyň türkmen durmuşynyň aýrylmaz bölegidigi bellenildi. Bagşyçylyk sungatynyň dünýä medeniýetine bahasyna ýetip bolmajak goşandynyň ykrar edilmegi, dutar ýasamak senetçiligi hem-de bagşyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine sebäp bolandygy ýetirildi. Şu nukdaýnazardan Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabyna salgylanyp: «Halk arasynda «Bagşyly halk – bagtly halk» diýilýär. Hemme döwürlerde bagşy hoş habaryň buşlukçysy, şatlygyň hem parahat durmuşyň jarçysy hökmünde görlüpdir» diýip, parasatlylyk bilen belleýär. Dutar barada aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine salgylanyp: «Türkmen dutarynyň şirin owazlary berkarar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň we baky Bitaraplygynyň waspy, parahatçylyk söýüjiligiň, hoşniýetliligiň hem-de dost-doganlygyň mukamy bolup ýaňlanýar. Şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň taryhyny, özboluşly aýratynlyklaryny öwrenmek, dünýä ýaýmak we geljekki nesillere ýetirmek möhüm wezipeleriň biridir» diýip çärä gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirdi.
Ilçihananyň wekilleri bu çäräniň Garaşsyzlyk baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde we Halkara aýdym-saz gününiň öňüsyrasynda geçirilýändigini aýtdylar.
Türkmen diasporasynyň wekili S.Derekowyň dutar saz guralynda ussatlyk bilen ýerine ýetiren milli sazlary bu medeni çäräniň üns merkezinde boldy.
Ukrain aýdym-saz mekdepleriniň okuwçylary we mugallymlary pianinoda ikilikde, gitarada üçlükde, ukrain milli guraly bolan bandura saz guralynda aýdym-saz çykyşlary ýerine ýetirdiler.
Däp bolşy ýaly, medeni çärä gatnaşyjylar Magtymguly kitaphananyň çäginde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan sowgat berlen türkmen halk döredijiliginiň, amaly haşam sungatynyň eserleri we milli gurallary görkezilýän adybir muzeýine aýlanyp gördüler. Şeýle hem, çärä gatnaşyjylar ýörite taýýarlanan wideo roliklere we mowzuk boýunça surat sergisine tomaşa etdiler.
Bu çärä gatnaşyjylar «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» bellenilýän Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen çäräniň dowamynda türkmen halkynyň medeniýetine we sungatyna uly gyzyklanma bildirdiler, aýdym-saz sungatyny öwrenmegiň we ösdürmegiň möhümdigini, halklaryň arasyndaky dostlugy berkitmegiň zerurdygyny bellediler.