TÜRKMENISTAN 2028-NJI ÝYLY «HALKARA HUKUGYŇ ÝYLY» DIÝIP YGLAN ETMEGI TEKLIP ETDI

photo

Türkmenistan 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmegi teklip edýär. Bu başlangyjy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda öňe sürdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan halkara hukugyň ileri tutulmagy hem-de halkara işlerde BMG-niň eýeleýän merkezi ornunyň güýçlendirilmegi ugrunda üýtgewsiz çykyş edýär. Bu başlangyç halkara hukugyň durnuklylygyny pugtalandyrmakda, BMG-niň Tertipnamasyna ileri tutulmagyny üpjün etmekde onuň ornuna ünsi çeker.

2028-nji ýylyň «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan edilmegi parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň halkara hukuk esaslaryny pugtalandyrmakda möhüm ädim bolar.