TÜRKMENISTAN 2026-NJY ÝYLDA HAZAR EKOLOGIÝA FORUMYNY GEÇIRMEGI TEKLIP ETDI

photo

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Nýu-Ýorkda geçirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda çykyş edip, 2026-njy ýylda sebitiň ekologiýa we klimat meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat etjek Hazar ekologiýa forumyny geçirmegi teklip etdi.

Döwlet Baştutany çykyşynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda teklip eden Hazar ekologiýa başlangyjynyň mundan beýläk-de ilerlediljekdigini we bu ugurda ähli çäreleriň BMG-niň Düzgünnamasyna laýyklykda alnyp barylýandygyny nygtady.

“BMG — parahatçylygy, ösüşi, howpsuzlygy we dünýä ulgamyň durnuklylygyny üpjün edýän, ýurtlar tarapyndan ykrar edilen ýeke-täk halkara guramadyr” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.

Hazar deňzi — dünýäniň iň uly ýapyk suw howdany bolup, onuň meýdany 371 müň inedördül kilometre barabar bolup, sebitiň ekologiýasy we durnukly ösüşi üçin möhüm ähmiýete eýedir.