OGT 2025 TÜRKMEN TELEKEÇILERI ÜÇIN TÄZE MÜMKINÇILIKLERI AÇAR

22–24-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025” (OGT 2025) atly 30-njy halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Bu ýylky forum ilkinji gezek 30 sany halkara kompaniýadan 100-den gowrak wekili bir ýere jemläp, türkmen bazarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we täze işewür mümkinçilikleri döretmek üçin möhüm meýdança bolar.
Işewür gatnaşyklaryň ähmiýetini nazara alyp, guramaçylar sergi meýdançasynyň çaginde ýörite B2B zolagyny gurnadylar we emeli aň esasynda işleýän “Business Connect” platformasyny döretdiler. Gatnaşyjylar B2B zolagynda “Business Connect” ulgamy arkaly iş maksatlaryna we maýa goýum ugurlaryna görä özüne ähmiýetli işewürleri saýlap, duşuşyklary meýilleşdirip hem-de halkara kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýup bilerler.
Hasaba alyş 2025-nji ýylyň 10-njy oktýabryna çenli dowam edýär. Has anyk maglumaty OGT-niň resmi web-sahypasynda tapyp bilersiňiz: www.ogt-turkmenistan.com.