TÜRKMENISTAN «ZENANLARYŇ BÜTINDÜNÝÄ SAMMITI — 2025» ATLY HALKARA FORUMA GATNAŞDY

13-nji oktýabrda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň başlygy Oguljennet Berdiliýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Pekinde geçirilen «Zenanlaryň bütindünýä sammiti – 2025» atly halkara foruma gatnaşdy.
O.Berdiliýewa sammitiň «Umumy geljek: zenanlaryň hemmetaraplaýyn ösüşiniň täze we tizleşdirilen tapgyry» diýen mowzugy astynda geçirilen mejlisinde çykyş edip, Türkmenistanda zenanlaryň hukuklaryny üpjün etmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi iri jemgyýetçilik guramalarynyň biri hökmünde jemgyýetde zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmak, gender deňligini öňe sürmek we maşgalanyň institutyny berkitmek boýunça milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegine işjeň gatnaşýar.
O.Berdiliýewa öz çykyşynda türkmenistanly zenan telekeçilere berilýän goldaw, oba ýerlerinde durmuşa geçirilýän taslamalar, ýaş hünärmen zenanlara bilim we hünär taýdan ösüşde kömek bermek, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hem belläp geçdi.
Türkmenistanyň BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlykda 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş ugrundaky Gün tertibiniň, hususan-da, 5-nji maksadynyň – gender deňligini üpjün etmegiň ýerine ýetirilmegine işjeň gatnaşýandygyny hem nygtaldy.
Şu ýyl Pekinde geçirilen Zenanlaryň ýagdaýy boýunça IV Bütindünýä maslahatynyň 30 ýyllygy bellenilýär. Şol maslahata dünýäniň dürli künjeginden müňlerçe zenan gatnaşyp, Pekin Jarnamasyny we Hereketleriň Platformasyny kabul edipdiler. Bu resminama dünýäniň ähli ýerindäki zenanlaryň meselelerini ýüze çykarmak we olaryň çözgüt ýoluny görkezmek bilen, ýurtlaryň köpüsinde, şol sanda Türkmenistanda hem zenanlaryň ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen özgertmeleriň güýçli itergisi bolup hyzmat etdi diýlip, habarda bellenilýär.