Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň indiki Konsultatiw duşuşygyna ýolbaşçylyk eder

photo

Türkmenistan Merkezi Aziýada agzybirligi, jebisligi we ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary eder. Muny Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 16-njy noýabrda Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynda aýdyp, ýurdumyzyň adyndan Özbegistan Respublikasyndan ýokary derejeli syýasy çärä ýolbaşçylyk etmegi kabul etdi.

«Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklygy kabul etmek bilen, biziň agzybirligimizi we jebisligimizi pugtalandyrmak, ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek sebitiň daşarky maýa goýumlar we energetika, ulag, kommunikasiýa hem-de beýleki ulgamlarda iri halkara taslamalary üçin özüneçekijiligini artdyrmak üçin ähli tagallalary eder» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VII konsultatiw duşuşygyna Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentleri gatnaşdylar.

Forumda ykdysady meseleleriň çäklerinde döwlet Baştutanlary özara haryt dolanyşygyny giňeltmek, maýa goýum hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak, şeýle hem möhüm ulag-logistika arabaglanyşygyny ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, suw hojalygy, energetika, medeni-ynsanperwer, saglygy goraýyş ulgamlarynda tagallalary utgaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berdiler.