TÜRKMENISTAN ÝUNESKO BILEN BILELIKDÄKI TASLAMALARY DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ GELJEKKI UGURLARYNY MASLAHATLAŞÝAR
13-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş direktorynyň orunbasary Sin Suýyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Daşary işler ministrligi habar berýär.
ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň orunbasary Türkmenistanyň Bitaraplyk halkara hukuk derejesiniň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny beýan edip, parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi üpjün etmek boýunça umumy maksatlara ýetmekde mynasyp goşant goşan ýokary derejeli wekilçilikli forumyň ähmiýetini nygtady.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini tassykladylar. Şu ýylyň 11-nji dekabrynda Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara komitetiniň mejlisinde kabul edilen «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly Hödürnamanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň wekilçilikli sanawyna girizilmeginiň ähmiýetine aýratyn üns berildi.
Taraplar hyzmatdaşlygyň geljekki meýilnamasynyň anyk ugurlary boýunça hem pikir alyşdylar we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň amaly taraplaryna seretdiler.
Duşuşygyň ahyrynda taraplaryň bilim, ylym we medeniýet, şeýle hem maddy we maddy däl mirasy gorap saklamak ugurlarynda özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ygrarlydygy tassyklanyldy.