TÜRKMENISTANDA 2026-NJY ÝYLYŇ ŞYGARY WE NYŞANY TASSYKLANDY
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde 2026-njy ýylyň nyşanyny we şygaryny tassyklady. 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edildi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa çykyş edip, 2026-njy ýylyň nyşanyny we şygaryny taýýarlamakda halk wekilleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, zähmet toparlarynyň hem-de ýurduň raýatlarynyň teklipleriniň göz öňünde tutulandygyny belledi. Şeýle hem Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halky üçin Bedew atyň ähmiýeti baradaky aýdan pikirleriniň esas hökmünde alnandygyny nygtady.
Mejlisiň we halkyň teklibini goldap, Türkmenistanyň Prezidenti täze ýylyň şygaryny we nyşanyny resmi taýdan yglan etdi.
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisine welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdy.