TÜRKMENISTANDA AWTOMOBIL ÝOLLARY MINISTRLIGI DÖREDILDI

photo

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Awtomobil ýollarynyň gurluşgyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligini, Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligine öwürmek barada Permana gol çekýändigini aýtdy.

Bu Perman Türkmenistanyň awtomabil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak, ýol ulag ulgamynyň işini hasda kämilleşdirmek maksady bilen kabul edildi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany ýurduň Awtomobil ýollary ministri wezipesine Hangeldi Kerimowy belledi.