img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Hytaýyň Başlygy Si Szinpine Gadyrly atly ahalteke bedewi sowgat berildi

img
img
img
img

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýa dostluk saparynyň çäginde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Gadyrly atly ahalteke bedewini sowgat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Si Szinpin ajaýyp sowgady hoşallyk bilen kabul edip, Hytaýda ahalteke bedewlerine uly hormat goýulýandygyny belledi. Şeýle hem dostlukly ýurduň Başlygy Türkmenistanyň meşhur ahalteke bedewleriniň watanydygyny, mundan 12 ýyl ozal hem özüne Gahryman atly ahalteke bedewiniň sowgat berlendigini aýtdy.

HHR-iň Başlygy türkmen halkynyň “At — myrat”, “At agynan ýerde toý bolar” diýen parasatly sözlerini mysal getirip, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Gadyrly atly bedewiň sowgat berilmeginiň diňe bir özi üçin däl-de, eýsem, tutuş hytaý halky üçin hem uly hormatdygyny belledi we ýene bir gezek hoşallyk bildirdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bedew at diplomatik sowgatlaryň hatarynda iň gymmatlysy hasaplanypdyr.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýa dostluk saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine özi üçin islendik amatly wagtda ýurda sapar bilen gelmäge iberen çakylyk hatyny gowşurdy.