img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

ÝAGŞYMYRADOW BELFASDAKY PFL TUTLUŞYGYNDA PEDRONY ÝEŇDI

photo

Türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow Belfastda (Demirgazyk Irlandiýa) geçirilen PFL ýaryşynda fransiýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy.

Tutluşykdan soňra D.Ýagşymyradow Taýson Pedro bilen duşuşygyny teswirläp, onuň bu tutluşyga ýokary taýýarlygyny belledi. Onuň aýtymagyna görä, Fransiýaly türgen güýçli garşydaş bolup durýar.

D.Ýagşymyradow mundan ozalky tutluşygyny 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda «PFL Road to Dubai» bäsleşiginde geçiripdi we onda amerikaly Kori Andersondan eminleriň biragyzdan gelen karary bilen asgyn gelipdi. Türkmenistanly pälwanyň hasabynda 26 ýeňiş, 8 ýeňiliş we 1 deňme-deňlik bar.

Pedro üçin bolsa bu tutluşyk 2024-nji ýylyň mart aýyndan bäri ilkinji duşuşyk boldy. Ol şonda «UFC Fight Night 238» bäsleşiginde braziliýaly Eitor Petrinodan eminleriň biragyzdan gelen karary esasynda utulypdy. Fransiýaly türgeniň hasabynda 10 ýeňiş we 6 ýeňiliş bar.