TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI MOLDOWA RESPUBLIKASYNYŇ PARLAMENTINDE PARLAMENTARA HYZMATDAŞLYGY ARA ALYP MASLAHATLAŞDY
2026-njy ýylyň 28-nji aprelinde Moldowa Respublikasynyň Parlamentinde Türkmenistanyň Ukrainadaky, şol bir wagtyň özünde Moldowa Respublikasynda akkreditlenen Ilçisi T.Ataýew bilen Moldowa Respublikasynyň Parlamentiniň agzasy we Türkmenistan bilen Parlamentara Dostluk Toparynyň başlygy P.Burdujanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Moldowa Respublikasynyň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki meselelerini we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Moldowa tarapy Moldowa Respublikasynyň Parlamentine Türkmenistan bilen parlamentara dostluk toparynyň döredilendigi barada habar berdi we onuň işini amaly hem-de ulgamlaýyn alyp barmaga ygrarlydygyny nygtady.
Türkmen tarapy bu habary kanagatlanma bilen kabul etdi we Moldowa Respublikasy bilen parlamentara dostluk toparynyň Türkmenistanyň Mejlisinde eýýäm işjeň hereket edýändigini belledi. Şuňa baglylykda, olar iki ýurduň parlamentleriniň arasynda yzygiderli we düşünişmek esasyndaky gatnaşyklary guramaga, şeýle hem bilelikdäki başlangyçlary düýpli gözden geçirmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.
Parlament derejesinde özara saparlary guramak we degişli komitetleriň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek ýaly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça anyk meýilnamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hukuk binýadyny rejelemegiň maksadalaýykdygy aýratyn nygtaldy.
Moldowa tarapy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak we parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin utgaşdyrylan çemeleşmeleri işläp düzmek maksady bilen, Aşgabada türkmen kärdeşleri bilen duşuşmak üçin Türkmenistana sapar etmäge gyzyklanma bildirdi. Moldowa tarapy şeýle hem türkmen tarapyna parlament derejesinde degişli duşuşyklar üçin Kişinýew şäherine sapar bilen gelmäge çakylyk etdi.
Taraplar parlamentara gatnaşyklarynyň yzygiderli giňelmeginiň türkmen-moldowan gatnaşyklarynyň ähli ugurlaryny berkitmäge goşant goşjakdygy, köpugurly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm esas boljakdygy barada ylalaşdylar.
Duşuşykda bilelikdäki medeni taslamalary durmuşa geçirmek, iki ýurduň taryhy we medeni mirasyny ýaýbaňlandyrmak, halkara guramalarynyň çäklerinde tagallalary utgaşdyrmak, söwda-ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada pikir alyşyldy.
Ikitaraplaýyn gün tertibini öňe sürmek üçin parlament diplomatiýasynyň artýan orny bellenildi.