AHALTEKE ATLARYNYŇ GÖZELLIK BÄSLEŞIGINDE TÜRKMEN BEDEWI DÜNÝÄ ÇEMPIONY BOLDY
Özbegistan Respublikasynda «Gündogaryň merjeni» atly bäsleşigiň çäklerinde ahalteke atlarynyň gözellik boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Oňa Türkmenistandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Gyrgyzystandan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan ahalteke atlary gatnaşdylar.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, halkara gözellik bäsleşigi iki, üç, dört, bäş, alty ýaşar we şondan uly atlaryň, gysraklaryň, şeýle hem bir ýaşar taýlaryň arasynda aýratynlykda geçirildi. Soňra syn ediş meýdançasyna meşhur ahalteke atlarynyň neslinden bolan biri-birinden owadan bedewler ýaş derejesi boýunça toparlaýyn çykaryldy. Ilki bilen, iki ýaşar atlar gözellik meýdançasyna çykaryldy. Eminleriň biragyzdan gelen çözgüdi esasynda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň Meledag diýen aty iki ýaşar atlaryň arasynda geçirilen gözellik bäsleşiginde dünýäniň çempiony diýlip yglan edildi. Ýeňiji bolan türkmen bedewine dünýäniň çempiony we «Gündogaryň merjeni» diýen ýeňiş ýapynjasy ýapyldy, onuň seýsine bolsa dünýäniň gözellik bäsleşiginiň çempionynyň Kubogy, Hormat haty, gymmat bahaly sowgady dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Üç ýaşar atlaryň arasynda geçirilen gözellik bäsleşiginde baýraky ikinji orna mynasyp bolan Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna degişli Güneş diýen atyň seýsi Hormat haty we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy. Dört ýaşar atlaryň arasynda geçirilen gözellik bäsleşiginde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Sahawatly diýen bedewi baýrakly üçünji orna mynasyp boldy. Alty we şondan uly ýaşar atlaryň arasynda geçirilen gözellik bäsleşiginde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Aýgytly diýen bedewi dünýäniň çempiony diýen ada eýe boldy. Oňa «Gündogaryň merjeni» we dünýäniň çempiony diýen ýeňiş ýapynjasy ýapyldy.
Şeýlelikde, Aýgytly diýen türkmen bedewi Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Baş baýragyna mynasyp boldy we onuň seýsine ýeňil awtoulagyň açary, Kubok hem-de Hormat haty gowşuryldy.