img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI DABARALY BAÝRAMÇYLYK ÇÄRELERI GEÇIRILDI

img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň ähli künjeklerinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi.

Bu baýram mynasybetli, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň çagalaryna we halkyna baýramçylyk gutlagyny iberdi.

Şeýle hem dabaraly çäre paýtagtymyzyň «Aşgabat» medeniýet we dynç alyş seýilgähinde geçirildi.

Çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Bilim ministrligi, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan BMG-niň agentlikleri bilen bilelikde, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde guraldy.

Dabaranyň açylyşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory – wise-prezidenti Rejep Bazarow, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna çykyş etdiler.

Çykyşlarda ýaş nesil barada hemmetaraplaýyn alada etmek, olaryň sazlaşykly ösmegini, saglygyny, mynasyp terbiýelenmegini we bilim almagyny üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň üýtgewsiz ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi bellenildi.

Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligi aýratyn nygtalyp, onuň çagalaryň hemmetaraplaýyn ösmegi we abadançylygy üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendigi bellenildi.

Çäräniň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we «Jahan» döredijilik merkeziniň çagalarynyň täsirli çykyşlary görkezildi. Baýramçylyk çäresine reňkli teatr sahnalary, aýdym-saz we tans çykyşlary aýratyn öwüşgin berip, ýaş zehinleriň döredijilik ukyplaryny we ussatlygyny açyp görkezdi.

Çagalar üçin gyzykly bäsleşikler, sorag-jogap oýunlary, dürli döredijilik we sport ýaryşlary guralyp, olar gatnaşyjylarda şatlyk, ýakymly duýgular we ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.