img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ASTANA ŞÄHERINDE AKABA PROSESIŇ ÇÄKLERINDE GEÇIRILJEK DUŞUŞYGA GATNAŞAR

photo

2026-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Astanada Akaba prosesiň çäklerinde “Emeli aň ulgamynda howpsuzlyk” meselesine bagyşlanan sammit geçirilýär. Bu sammitiň işine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşýar.

Çärä Türkmenistanyň Döwlet Baştutanyndan başga-da, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Iordaniýanyň Patyşasy Abdulla II bin Al-Huseýn, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew dagylar gatnaşýarlar. Forumyň işine Azerbaýjandan Milli Mejlisiň Başlygy Sahiba Gafarowa, hem-de Gyrgyzystandan Daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew wekilçilik edýärler. Sammite beýleki resmi wekiller hem gatnaşýarlar.

Akaba prosesi - terrorçylyga we zorlukly ekstremizme garşy göreşmäge gönükdirilen halkara başlangyçdyr. Proses 2015-nji ýylda Iordaniýanyň Patyşasy Abdulla II bin Al-Huseýn tarapyndan öňe sürülipdir.

Bu platforma döwlet baştutanlaryny, şeýle hem howpsuzlyk gulluklarynyň, harby edaralaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylaryny bir ýere jemleýär. Duşuşyklaryň maksady howplar barada umumy düşünjäni emele getirmek we olara garşy amaly çäreleri utgaşdyrmakdyr.