img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

"VIVIENNE WESTWOOD", "FASHION CHANNEL ITALY" “TURKMEN TEXTILE EXPO” SERGISINE GATNAŞARLAR

photo

Aşgabatda 4–6-njy iýun aralygynda geçiriljek “Turkmen Textile Expo 2026” halkara sergisine Britaniýanyň "Vivienne Westwood" moda öýüniň baş ýerine ýetiriji direktory Karlo D'Amario we Italiýanyň "Fashion Channel Italy" telekanalynyň esaslandyryjysy Marçio Noçera gatnaşar. Bu barada çäräniň guraýjylary habar berýär.

Dürli ýurtlardan gelen dokma öndürijilerini, dizaýnerleri, işewürlik wekillerini we pudaklaýyn hünärmenleri bir ýere jemlejek bu serginiň esasy aýratynlyklarynyň biri - moda dünýäsiniň meşhur wekilleriniň gatnaşmagy bolar. Çäräniň dowamynda Karlo D'Amario we Marçio Noçera halkara moda görkezilişlerine gatnaşar we serginiň eksponatlary bilen tanyş bolarlar.

Karlo D'Amario dünýäniň moda senagatynyň iň meşhur brendleriniň biri bolan, öňdebaryjy halkara moda görkezilişlerinde yzygiderli görkezilýän Britaniýanyň "Vivienne Westwood" moda öýüne ýolbaşçylyk edýär. Marçio Noçera bolsa Milan Fashion Week we Paris Fashion Week ýaly dünýäniň iň iri moda wakalaryny şöhlelendirmekde meşhurlyk gazanan "Fashion Channel Italy" telekanalynyň esaslandyryjysydyr.

“Turkmen Textile Expo 2026” dürli ýurtlaryň dokma we enjam öndürijilerini, dizaýnerlerini, moda dünýäsiniň wekillerini we şol ugurdaky hünärmenlerini bir ýere jemlär. Serginiň maksatnamasyna laýyklykda halkara moda görkezilişleri, pudaklaýyn seminarlar, kompaniýalaryň tanyşdyryş dabaralary, dokma we moda pudagyny ösdürmäge bagyşlanan duşuşyklar geçiriler.